Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan, Russiýa we Gazagystan ýük daşamalary pudagy boýunça Ähtnama gol çekdi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary ýükleri resmileşdirmek işini ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdylar we beýleki habarlar

11:0824.04.2023
0
31174

Türkmenistanda

1. Russiýanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň ulag kompaniýalary ýük daşamalaryny ösdürmek üçin bilelikdäki kärhanany döretmek barada Ähtnama gol çekdiler. Ylalaşygyň maksady «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugrunda ýeke-täk logistika operatoryny döretmekden ybaratdyr. Ähtnama «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň» AGPJ-niň baş direktory Merdan Bäşimow, «KTZ Express» paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Kaýrat Utýapow we «RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Dmitriý Murew gol çekdiler.

2. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ugurdaş gulluklarynyň ýolbaşçylary sanly ulgam arkaly harytlar daşalanda gümrük taýdan resmileşdirilmek işini ýeňilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Beýleki mowzuklaryň hatarynda «Bir penjire» taslamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk, «akylly gümrük» ulgamyny ösdürmekde tejribe alyşmak, gümrük taýdan düzgün bozulmalaryna garşy göreş we maglumat alyşmak meselelerine garaldy.

3. Türkmenabatda Ýer güni mynasybetli ilkinji ekofestiwal geçirildi. Çäre «Bitaraplyk» şäher seýilgähinde geçirildi we giň halk köpçüligi üçin açyk boldy. Festiwalyň myhmanlary seýilgähiň dürli ýerlerinde guralan mowzuklaýyn çärelere, şol sanda sungat, bilim, tehnologiýa we medeniýet bölümlerine gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

4. Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki täze wekili Sapar Pälwanow Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň protokolynyň başlygy Týeri Beşä ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ony täze derejä çykarmagyň ýollary barada pikir alyşdylar. Gepleşigiň esasy mowzuklarynyň biri hem ýokary derejede aragatnaşyk guramak boldy, bu esasy ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogy ösdürmäge uly itergi berer.

5. 2023-nji ýylyň üç aýynyň görkezijilerine görä, Türkmenistan Özbegistanyň iň uly 10 daşary söwda boýunça hyzmatdaşlarynyň sanawyna girdi. Şu ýylyň ýanwar – mart aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,8% ýokarlandy we 263,4 million dollara deň boldy.

Dünýäde

6. Stambulyň Mawy metjit diýlip tanalýan Soltanahmet metjidi bäş ýyl dowam eden dikeldiş işlerinden soň açyldy. Mawy metjit XVII asyryň başynda Stambulyň taryhy böleginde, Aýýa-Sofiýa metjidiniň garşysynda gurlupdy. Dikeldiş işleriniň dowamynda alty minaranyň üçüsini dolulygyna sökmeli we täzeden gurmaly boldy, şeýle hem elektrik geçirijileri çalşyryldy, daşlar we bezeg elementleri arassalandy. Bäş ýyllyk dikeldiş işleriniň dowamynda metjidiň diňe bäş aýlap ýapylandygyny, galan wagtlar bolsa çäklendirmeler bilen işlemegini dowam etdirendigini bellemek gerek.

7. 24 – 26-njy aprel aralygynda Daşkentde «Innoprom. Merkezi Aziýa 2023» halkara senagat sergisi geçiriler. Sergä GDA ýurtlaryndan önüm öndürijiler, şeýle hem halkara senagat kompaniýalary düzümleýin milli diwarlyklary bilen gatnaşarlar. Şeýle hem açyk sergi üçin aýratyn ýer bölünip berildi, bu ýerde Arkalaşygyň ýurtlarynyň iň iri öndürijileriniň oba hojalygy we ulag maşyngurluşygy boýunça gazananlarynyň nusgalary tanyşdyrylar.

Sport habarlary

8. Kazanda Tatarstan Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň Spartakiadasynyň çäklerinde geçirilen boks ýaryşy tamamlandy. 80 kilograma çenli agram derejesindäki boksçylaryň arasynda Reşit Öwezowa taý tapylmady. Türkmen talyby üç gezek tutluşyk geçirdi we olaryň ikisini möhletinden öň tamamlady.

9. «Napoli» Italiýanyň «Seriýa A» çempionatynda möhletinden öň çempionlygyny yglan etmäge ýakyn geldi. Çempionatda ýeňiş gazanmak üçin topar indiki tapgyrda «Salernitany» ýeňmeli. Şol bir wagtyň özünde, ikinji orunda barýan «Lasio» «Interi» ýeňmeli däldir. Şeýle ýagdaýda «Napoli» soňky 33 ýylda ilkinji gezek möhletinden öň Italiýanyň çempiony bolar.

10. Futbol boýunça Türkmenistan Kubogynyň deslapky tapgyrynyň ilkinji oýnunda «Arkadag» futbol topary Marynyň «Energetik» toparyndan üstün çykdy. Duşuşyk şenbe güni Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirildi we «Arkadagyň» peýdasyna 4:0 hasabynda tamamlandy. Jogap duşuşygy 2-nji maýda geçiriler. «Arkadag» – «Energetik» jübütiniň ýeňijisi çärýekfinalda «Köpetdaga» garşy oýnar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň