Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň milli demirýol kompaniýalary ýük daşalyşyny kämilleşdirmek maksady bilen bilelikdäki kärhana döretmek barada ylalaşdylar. Bu barada Gazagystanyň demirýol kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi.
«РЖД Логистика», «KTZ Express» we Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki kärhanany döretmek barada Ähtnama gol çekildi.
Bellenilişi ýaly, taraplar öz ygtyýarlyklaryny birleşdirip, Gazagystandan, Russiýadan, Türkmenistandan Eýrana, Hindistana, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna we Aziýa-Ýuwaş umman sebitine harytlary bökdençsiz daşamak barada ylalaşdylar.
Şeýle kärhananyň maksady «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar ýolunda ýeke-täk logistika operatoryny döretmekden ybarat.