Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» gazetiniň ýanynda Ýaşlaryň döredijilik birleşmesi döredildi

15:2902.04.2023
0
23607

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň ýanynda döredilen Ýaşlaryň döredijilik birleşmesiniň ilkinji duşuşygy geçirildi. 1-nji aprelde Erkin döredijilik mekanynda geçirilen duşuşyga halypa ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, ýurduň degişli ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplar we dürli kärdäki höwesjeň ýaşlar gatnaşdylar. Esasan tanyşlyk häsiýetinde geçen birinji duşuşykda çykyş eden halypa ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler ýaşlara öz maslahatlaryny berdiler, birleşmäniň işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen bagly käbir teklipleri beýan etdiler.

Duşuşygyň dowamynda sowal-jogap hem alşyldy, ýaşlar döredijilik, redaksiýalaryň önümçilik işi bilen bagly özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen halypalara ýüzlendiler.

Geljekde birleşmäniň duşuşygyny yzygiderli geçirmek geçirmek göz öňünde tutulýar. Duşuşygyň dowamynda ýaş žurnalistleriň aýyň dowamynda ýazan materiallaryna syn-seljerme we bu ugurda maslahatlar berler. Ýaş žurnalistler bilen çaphanada ýa-da gazet-žurnallaryň çap edilýän sehlerinde tejribe-önümçilik maslahatlaryny guramak hem göz öňünde tutulýar.

Birleşmäniň her aýdaky duşuşygynyň jemleri boýunça gazetde habar we syn-seljerme beriş makalasy çap ediler. Makalada ýaş žurnalistleriň çap edilen materilallaryna syn berler.

Tanyşlyk duşuşygynda öňe sürlen tekliplere laýyklykda, geljekde birleşmäniň göçme duşuşyklaryny ýokary okuw mekdeplerinde, welaýatlarda hem geçirip bolar. Oňa ýurduň ähli sebitlerinden isleg bildirýän ýaşlar, döredijilik bilen meşgullanýan we gyzyklanýan raýatlar gatnaşyp bilerler.

Birleşmäniň duşuşyklarynda ýaşlaryň çap edilen eserlerine syn-seljerme bermek bilen birlikde, türkmen milli metbugat žurnalistikasynyň taryhy, görnükli žurnalistleriň terjimehallary we döredijiligi bilen gysgaça tanyşlyk, sanly žurnalistika we dünýä tejribesi, žurnalistikada duş gelýän kynçylyklar, olardan baş alyp çykmagyň ýollary barada halypalaryň maslahatlary boýunça çykyşlary hem guramak göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň