«Türkmenistan» gazeti döredijilik bäsleşigini yglan etdi

11:0603.03.2023
0
23582

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli «Ýaşlar – beýik geljegi gurujylar» atly ýaş žurnalistleriň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Gazetiň elektron nusgasynda ýerleşdirilen habarda bellenilişi ýaly, bäsleşige hödürlenilýän eserlerde (makalalarda, oçerklerde, söhbetdeşliklerde) Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işler, şanly seneler mynasybetli ulanmaga berilýän desgalar, hemişelik Bitaraplygyň ýurduň içeri we daşary syýasatyndaky orny, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti, olaryň many-mazmuny, gazanylýan üstünlikler anyk mysallar arkaly publisistik äheňde açylyp görkezilmelidir. Zähmet adamlary, jemgyýetiň öňdebaryjylary hakyndaky oçerkleriň, aýratyn ugurlar boýunça taýýarlanylýan söhbetdeşlikleriň, makalalaryň täsirli, maglumatlara baý, diliniň çeper we şireli bolmagy hökmanydyr.

Ýaşlar bäsleşige hödürleýän eserlerini «Ýaşlar – beýik geljegi gurujylar» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň Erkin döredijilik mekany) ýa-da onuň elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@online.tm) şu ýylyň 10-njy sentýabryna çenli ýollap bilerler. Olara döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary baha berer. Awtorlar redaksiýa ugradýan işlerine özleri baradaky maglumatlary (okaýan, işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi, elektron abuna ýazylandygyny tassyklaýan belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige 35 ýaşa çenli ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda jemlener. Ýeňijilere Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň diplomlary we sowgatlary, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-67.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň