Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» gazeti nobatdaky döredijilik bäsleşigini yglan etdi

13:2025.03.2023
0
34516

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: türkmen obasynyň täze keşbi» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Gazetde habar berlişi ýaly, bäsleşige hödürlenýän işler Türkmenistanda medeni-durmuş we önümçilik maksatly täze binalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy, oba durmuşy, obanyň taryhy, onda uly yz goýan belli şahsyýetler barada anyk maglumatlar esasynda, gysgadan manyly beýan edilmelidir.

Eserler oba medeniýet öýleri, milli gymmatlyklary aýratyn sarpalaýan adamlaryň öý muzeýleri barada-da bolup biler. Täze döwrüň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan daýhan hojalyklary, öňdebaryjy daýhan birleşikleri, tejribeli daýhanlar, şol sanda ussat bagbanlardyr pileçiler baradaky makalalar hem bäsleşige kabul ediler. Oçerkler jemgyýetiň öňdebaryjylaryna, uzak ýyllaryň dowamynda ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşup gelýän şahsyýetlere, zähmet adamlaryna bagyşlanmalydyr.

Bäsleşige hödürlenilýän işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: türkmen obasynyň täze keşbi» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@online.tm) ýollap bilerler. Awtorlar redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar.

Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.

Bäsleşige hödürlenýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar şu ýylyň 15-nji dekabryna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar.

Bäsleşik 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň soňky ongünlüginde jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Ozal «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli «Ýaşlar – beýik geljegi gurujylar» ady bilen, ýaş žurnalistleriň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan edendigini habar beripdik.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň