Soňky habarlar

Arhiw

«Eyyam Group» garderob otagy üçin metal şkaflary hödürleýär

11:4827.03.2023
2
38095

Metaldan önümleri öndürmäge ýöriteleşen «Eyyam Group» kompaniýasy Türkmenistanyň kärhanalaryna we guramalaryna garderob otaglary üçin metal şkaflaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Müşderi metal şkaflary kompaniýanyň katalogyndan saýlap biler, şeýle hem hususy taslamasyna görä, mysal üçin, otagyň reňklerinde metal şkaflary sargyt edip biler.

Metal şkaflar senagat kärhanalarynyň, lukmançylyk we bilim edaralarynyň, sport desgalarynyň geýim çalşylýan otaglarda eşikleri saklamak, şeýle hem iri söwda merkezleriniň ýa-da dynç alyş merkezleriniň girelgesinde goşlary saklamak üçin ulanylyp bilner.

«Eyyam Group» kompaniýasynyň ähli önümleri sowuk urgy usulynda ýokary hilli polatdan ýasalýar we reňk tozy bilen örtmek usulynda reňklenýär. Şonuň üçin hem «Eyyam Group» kompaniýasynyň şkaflary çydamlylygy, poslamaga we daşky gurşawyň täsirlerine çydamlylygy, şeýle hem göze ýakymlylygy bilen tapawutlanýarlar.

«Eyyam Group» kompaniýasynyň hödürleýän görnüşleri bilen şu salgyda has içgin tanşyp bilersiňiz: Aşgabat, 10 Ýyl Abadançylyk şaýoly (öňki Moskowskaýa), 211/A, «Altyn asyr» işewürlik merkezi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň