Soňky habarlar

Arhiw

«Eyyam Group» metal önümçilik kärhanasy ýokary hilli demirden serwer şkaflaryny öndürýär

09:3004.03.2023
0
52930

Türkmenistanda metal önümlerini öndürijileriň hatarynda öňdebaryjylary biri bolan «Eyyam Group» hususy kärhanasy serwer şkaflarynyň (telekommunikasion) giň görnüşlerini hödürleýär.

«Eyyam Group» kärhanasynyň taýýarlaýan telekommunikasion şkaflary ýokary hilli metaldan sowuk önümçilik usuly bien taýýarlanylýar. Olar serwer enjamlaryny ýerleşdirmek hem-de ýatda saklaýyş we gaýtadan işleýiş merkezlerini guramak üçin niýetlenendir. Adatça, bu hili şkaflarda ondaky zatlara elýeterlilik üçin ýeňil aýryp bolýan gyraky paneller, şeýle-de perforirlenen gapylar bolýar. Serwer şkaflary ýerde goýulýan we diwar üçin niýetlenen görnüşlerdedir.

«Eyyam Group» hususy kärhanasy müşderilere önüm katalogyndan serwer şkaflarynyň taýýar nusgalaryny hödürlemek ýa-da müşderiniň öz islegine görä taslamalara laýyklykda şkaflary taýýarlamak işlerini, şunuň bilen birlikde soňlugy bilen ýerinde montaž hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýär.

Kärhananyň esasy iş nokady Aşgabat şäheriniň 10 ýyl abadançylyk (ozalky Moskowskaýa) köçesindäki 211-nji jaýyň «Altyn Asyr» işewürlik merkezinde ýerleşýär. Maslahat almak üçin telefon belgileri: (+993 12) 47 82 90. Elektron poçtasynyň salgysy: info@eyyamgroup.com.

Şeýle-de okaň:

Fotoreportaž: «Eyyam Group» Türkmen öndürijisiniň metal önümlerine syn

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň