Türkmenistanly futbolçynyň goly «Akrona» Russiýanyň kubogynda ýeňiş getirdi

22:2316.03.2023
0
30845

Moskwanyň «Lokomotiwi» Russiýanyň kubogynyň ¼ finalynda Tolýattinskiniň «Akron» toparyndan asgyn geldi ― diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Žigulýewskde geçirilen duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. «Akron» 14-nji minutda Sergeý Makarow bilen öňe saýlandy, «Lokomotiw» 75-nji minutda Fransua Kamano bilen hasaby deňledi.

11 metrlik jerime urgularynda ýer eýeleri 7:6 hasabynda üstün çykdylar. Duşuşykda aýgytlaýjy pökgini türkmen futbolynyň 26 ýaşly uçurymy Jamaldin Hojanyýazow geçirdi.

Hojanyýazowyň Tolýattinsk şäheriniň toparyna geçen ýylyň awgust aýynda goşulandygyny ýatladýays.

Baýramaly şäherinde doglan Jamaldin futbol bilimini Daşkentiň «Çilanzar» sport mekdebinde aldy.

2012-nji ýylda ol Sankt-Peterburgyň «Zenitiniň» Ýuriý Konoplýow adyndaky futbol akademiýasyna goşuldy. Eýýäm 17 ýaşynda Russiýanyň çempionatynda we UEFA-nyň Çempionlar ligasynda hem çykyş etdi.

2014-nji ýylda «Amkara» kärendä berlen Hojanyýazow 2015-nji ýylda Daniýanyň Superligasynyň wekili «Orhusda» çykyş etdi. Şondan soň ol Russiýanyň «Dinamo» (Sankt-Peterburg), «Baltika», Azerbaýjanyň «Sumgait» ýaly toparlarynda çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň