Türkmenistanlylar «Eyyam Group» HK-da berk tehniki metal gapylary taýýarlamak üçin sargyt edip bilerler

09:2615.03.2023
0
25418

Türkmenistanda sowuk urgy usulyndan polatdan we sinklenen polatdan önümleri öndürmekde meşhurlyk gazanan «Eyyam Group» kärhanasy öndürýän tehniki metal gapylarynyň görnüşleri bilen tanyşmagy teklip edýär.

«Eyyam Group» önümçilik gurşawlary we kärhanalar üçin güýçlendirilen metal çarçuwaly metal gapylaryň birnäçe görnüşlerini taýýarlaýar: çykyş üçin basylýan mehanizm bilen açylýan howpsuzlyk gapylary, adaty we kodly gulp oturdylan polat gapylar, iki taraplaýyn we bir taraplaýyn açylýan, şeýle hem dürli reňkli dury däl aýnadan uly bolmadyk penjireli gapylar.

«Eyyam Group» kärhanasynyň ähli önümleri mehanizmleriniň ygtybarlylygy we gurluşynyň berkligi bilen tapawutlanýar. Şeýle gapylar goş saklanýan otaglarda, ammarlarda, dälizleriň (koridorlaryň) çykalgasynda we ýangyn çykalgalarynda, tehniki otaglarda we ş.m. gurnamak üçin diýseň amatlydyr. Olar ses geçirmezlik aýratynlygyna eýedirler we ýokary temperaturalara çydamlydyrlar.

«Eyyam Group» HK-nyň salgysy: Aşgabat, 10 Ýyl Abadançylyk şaýoly (öňki Moskowskiý), 211, «Altyn Asyr» işewürlik merkeziniň binasy. Goşmaça maglumat üçin telefon belgileri: (+993 12) 47 82 90. Elektron poçta salgysy: info@eyyamgroup.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň