Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze ýaşaýyş toplumy gurlar, Türkmenistan daşary ýurtlardaky 200 müňe golaý raýatynyň pasportlarynyň möhletini uzaltdy, Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy açylar we beýleki habarlar

11:0514.03.2023
0
51774

Türkmenistanda

1. Aşgabadyň Gurtly ýaşaýyş toplumynda durmuş maksatly täze binalary gurmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň buýurmasy esasynda bu ýerde 46 sany dört gatly ýaşaýyş jaýy, 720 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, seýilgäh, söwda-dynç alyş merkezi we 7 sany iki gatly söwda we hyzmat öýleri gurlar.

2. Dünýäki çylşyrymly epidemiologik hem-de tebigy we tehnogen adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli Türkmenistanyň diplomatik gullugy daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak üçin işjeň çäreleri amala aşyrdy we häzir hem dowam etdirýär. Ýurduň DIM-niň habar bermegine görä, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we konsullyklary daşary ýurtlarda bolýan we COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli Watanymyza dolanyp bilmedik 200 müňe golaý Türkmenistanyň raýatynyň pasportlarynyň möhletini uzaltdy. Türkmenistanyň Hökümeti Russiýadan, Belarusdan, Hytaýdan, Türkiýeden, Germaniýadan, Polşadan, Rumyniýadan, ABŞ-den we beýleki ýurtlardan öz raýatlaryny alyp gaýtmak üçin onlarça ýörite uçuşlary gurady. Bu ýörite uçuşlaryň käbirleri muzdsuz esasda ýerine ýetirildi.

3. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde ýerleşer. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda habar berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş türkmen raýatlarynyň saglygyny goramak, olaryň sazlaşykly ösüşi baradaky meseleleriň döwletiň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny belledi.

4. Türkmenistan we Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi üstaşyr geçelgeleriniň kämilleşdirilmegi we serhetüsti işleriň ýeňilleşdirilmegi boýunça taslamanyň üstünde işleýärler. Taraplar Türkmenistanyň gümrük pudagyny ösdürmäge gönükdirilen garaýyşlary bilermenleriň derejesinde işjeň maslahatlaşýarlar. 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistan Halkara ýük daşamalary boýunça kitapçalaryň eýelerine dürli ýurtlaryň gümrük edaralaryna deslapky elektron resminamalary bermäge mümkinçilik döredýän ykjam programmany işe girizipdi

5. Aşgabatdaky fransuz instituty fransuz dili boýunça okuwlaryň ýazky sessiýasyna ýazylyşygyň başlanandygyny yglan etdi, okuwlar 10-njy aprelde başlar. Sapaklar duşenbeden anna çenli sagat 14:00-dan 19:00-a çenli aralykda geçiriler.

Dünýäde

6. RF-niň Döwlet Dumasynda möhletli harby gulluga çagyrmak ýaşyny 18-den 21-e çenli tapgyrlaýyn esasda artdyrmak boýunça üýtgeşmeler girizildi. Mundan başga-da, kanunçylyk taslamasy harby gulluga çagyrmagyň iň ýokary ýaşyny hem 27-den 30 ýaşa çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar.

7. Türkiýede bolup geçen weýrançylykly ýertitremäniň netijesinde aradan çykanlaryň sany 48 448 adama çenli ýetdi. Bu barada Türkiýäniň içeri işler ministri Süleýman Soýlu habar berdi. Aradan çykanlaryň arasynda 6 600 sany daşary ýurtlular hem bar, olaryň köpüsi siriýalylar. Häzirki wagtda hünärmenler 1615 adamyň kimligini kesgitlemäge çalyşýarlar. Soýlunyň bellemegine görä, her günde ejir çekenleriň arasynda 3 mln 882 müň adamlyk gyzgyn nahar we 4 mln çörek paýlanýar.

Sport habarlary

8. Futbol boýunça Russiýanyň milli ýygyndysy iýun aýynda Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň birinji çempionatyna gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat sekretary Faridun Saliýew belläp geçdi. Erkekler ýygyndylarynyň gatnaşmaklarynda çempionat 9 – 21-nji iýun aralygynda Daşkentde we Bişkekde geçiriler. Guramaçylaryň bellemeklerine görä, Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň ähli alty agzasy hem çempionata gatnaşýandygyny tassyklady.

9. Bu hepdede Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jemleýji jogap duşuşyklary geçiriler, olary netijeleri boýunça çärýek finala gatnaşjak ähli toparlaryň atlary mälim bolar. 14-nji martda «Mançester Siti» «Leýpsigi» kabul eder, «Inter» bolsa myhmançylykda «Portu» bilen oýnar. Ondan soňky gün «Real» «Liwerpul» bilen duşuşar, «Napoli» bolsa «Aýntraht» bilen güýç synanyşar. Ähli duşuşyklar Aşgabat wagty bilen sagat 01:00-da başlanar. Türkmenistanda Çempionlar ligasyna göni ýaýlymda «Matç TW» teleýaýlymynda we holdingiň ugurdaş ýaýlymlarynda tomaşa etmek mümkindir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň