Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen bir bäsleşikde çykyş eder

15:4313.03.2023
0
36531

Russiýa Federasiýasynyň futbol boýunça milli ýygyndysy Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen bir bäsleşikde çykyş eder. Has takygy, Russiýanyň milli ýygyndysynyň şu ýylyň 9-21-nji iýun günleri geçiriljek Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) ýaryşyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Täjigistanyň Futbol Federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Çeşmede bellenilişi ýaly, CAFA — 2023 ýaryşyna Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasyna agza bolan döwletleriň ählisiniň: Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Eýranyň hem-de Owganystanyň milli ýygyndylary hem gatnaşar. Ýaryş gatnaşjak ýene bir ýygyndynyň ady bolsa ýakyn wagtda mälim ediler.

Ýaryşda 8 topar 2 toparça bölünip özara güýç synanyşar. Her toparçada birinji orny eýelän ýygyndylar finalda çempionlyk üçin, toparçada ikinji orny eýelän ýygyndylar bolsa üçünji orun üçin özara oýun geçirerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň