Türkmen wekiliýeti Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň XV gurultaýyna gatnaşdy

10:3314.03.2023
0
40738

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (TDU) wekilleri M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde (MDU) geçirilen Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň (ÝUA) XV gurultaýyna gatnaşdylar. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habar berlişi ýaly, gurultaýa 18 ýurtdan 127 uniwersitetiň wekilleri gatnaşdy. Forumda esasy üns Assosiasiýanyň çäginde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine, onuň agzalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, bilimiň hem-de ylym gözlegleriň hilini ýokarlandyrmak meselelerine seredip geçmäge, şeýle hem maglumat tehnologiýalarynyň kömegi bilen uniwersitetleriň guramaçylyk işlerini gowulandyrmaga gönükdirildi.

Şeýle hem gurultaýyň çäklerinde TDU bilen we MDU-nyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýakyn ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň «Ýol kartasyny» döretmek, Moskwa döwlet uniwersitetinde mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak esasynda goşmaça bilim maksatnamalaryna gatnaşmak barada pikir alşyldy.

Şeýle hem, Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalarynyň türkmen edebiýatynyň nusgasy şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki leksiýalary, seminarlary, konferensiýalary geçirmek, TDU-da we MDU-da döredilen ÝUNESKO kafedralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri hem ünsden düşürilmedi.

Gurultaýa gatnaşyjylaryň ählisi ylym-bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Ýewraziýa uniwersitetleriniň bilelikdäki gözleg maksatnamalaryny işläp düzmek we döredijilik gözleg toparlaryny döretmek meýilleşdirilýär. ÝUA-nyň agza uniwersitetleri dürli ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleriniň esasynda Ýewraziýanyň halkara ylmy-amaly maslahatlaryny we forumlaryny geçirmek tejribesini giňelder. Şeýle hem ýaşlaryň ylmy döredijiligini ösdürmek we olaryň ylmy barlag işlerine gatnaşmagy, uniwersitetleriň ÝUA-nyň howandarlygynda guralan ýaş alymlaryň maslahatlaryna gatnaşmagy üçin dürli goldawlary bermek hem möhüm meseleleriň hataryndan orun aldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 1992-nji ýylyň 19-njy maýyndan bäri Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň agzasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň