Soňky habarlar

Arhiw

Paýtagtyň iň tagamly dönerleri: Aşgabadyň datly tiz tagam taýýarlaýan kafeleriniň sanawy

09:5014.03.2023
1
48412

Tiz hem-de tagamly naharlary halaýanlaryň dykgatyna «Turkmenportal» web saýty Aşgabatda ýerleşýän türk dönerini ýa-da Ýakyn Gündogar şawermasy ýaly datly tagamlary taýýarlaýan kafeleriniň sanawyny okyjylara ýetirýär.

Bellik: makala diňe tanyşdyrmak maksady bilen taýýarlanyp, hiç hili mahabat häsiýetli däldir.

«Döner Kafe» — aşgabatlylaryň «Sewastopol döner» (ýerleşýän köçesiniň ozalky ady bilen bagly) diýip tanaýan bu kafesi towuk etli iki dürli tagamy alyjylara ýetirýär: çörek hem-de lawaş görnüşinde. «Döner Kafeniň» tiz tagamlary ýeralma frisi, elin taýýarlanan sous we dürli görnüşli ter bakja önümleri ýaly ingrediýentlere baýdyr.

Telefon belgileri: (+993 64) 05 07 08, (+993 64) 63 63 64.

«Peýnirli» kafesiniň tagamnamasynda köpdürli naharlar bolup, olardan döneriň towuk fileli lawaş, şeýle-de sygyr etinden taýýarlanan çörek we lawaş dönerleri ýaly görnüşlerini aýratyn bellemek bolar. Bu ýerde et bilen birlikde dönere pomidor, hyýar, maýonez we tomat sousy ýaly goşundylar goşulýar. «Peýnirli» şeýle-de müşderilerine tölegsiz Wi-Fi aragatnaşygyndan peýdalanmak mümkinçiligini ýetirýär.

Telefon belgileri: (+993 12) 36 40 41, 65 13 12. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«RB Köz Döner» kafesinde kömelekli, towuk we sygyr etli dönerleri taýýarlap berýärler. Bu ýerde döneri diňe bir adaty çörek we lawaş görnüşlerinde däl-de, eýsem tombik çöreginde we açyk görnüşde hem ýasaýarlar.

Telefon belgileri: 10 10 90, 67 44 67, 10 11 11, 16 00 16. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«On Begi Köz Döner» bolsa döner tagamyny bagetde, lawaşda, çörekde, palaw üsti görnüşinde, ýeralma frisi bilen, tombik çöreginde we beýleki görnüşlerde dadyp görmegi hödür edýär. Peýnirli sousyň bolmagy kafede taýýarlanýan tagamlaryň esasy aýratynlygydyr.

Telefon belgileri: 20 20 40, 20 20 50, 20 10 20. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Kemine Döner» kafesinde dönerleriň nusgawy görnüşleri ýetirilýär. Bu ýere gelýänler inçe dogralan sygyr etinden taýýarlanan çörek we lawaş dönerleri, şeýle-de palaw üsti döner tagamlaryndan lezzet alyp bilerler.

Telefon belgisi: (+993 62) 17 99 93. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Dürli Döner» — adyndan mälim bolşy ýaly, bu ýerde dönerleriň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. Ol aýratynam çagalar we maşgala agzalary bilen barmak üçin amatly ýerdir. Kafede çagalaryň oýnamagy üçin niýetlenen ýörite meýdança bolup, käbir günler kafede wäşileriň gatnaşmagynda gyzykly oýun agşamlary hem geçirilýär.

Telefon belgileri: (+993 12) 75 44 41, (+993 12) 75 44 42. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Hekkaa Döneriň» sosial media sahypasynda kafeniň tagamnamasynda türk tiz tagamlarynyň 14 görnüşiniň bardygy bellenilýär. Tagamnamada döneriň adaty görnüşi bilen birlikde, bahasy 200 manatlyk uly döner (Han döner) hem-de 100 manatlyk (Joker Döner) döner hem bar.

Telefon belgileri: 66 00 05. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Chef Doner» kafesi müşderilere peýnirli sously we adaty görnüşdäki tiz tagamlary hödürleýär. Kafeden türkmen çöreginiň ýarysyna deň bolan ululykdaky döneri hem sargyt edip bolýar.

Telefon belgileri: (+993 63) 92 99 99. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«MB Döner» — türk aşhanasynyň restorany bolup, onda döneriň nusgawy görnüşlerini, şeýle hem adaty bolmadyk «Dönerli Pizza» tagamyny taýýarlatmak bolýar. Restoranyň Künefe türk süýjüligi hem iýeniňe degýän ajaýyp tagamlarynyň biridir.

Telefon belgileri: (+993 62) 72 35 72, (+993 65) 49 94 99. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň