Kitapsöýüjiler, talyp ýaşlar, ýokary okuwa dalaşgärler hem-de okuwçylaryň ene-atalarynyň gyzyklanmalary üçin şu aşakdaky sanawda Aşgabat şäherinde ýerleşýän kitap internet-dükanlarynyň sanawy getirilýär. Bu dükanlardan okyjylary gyzyklandyrýan dürli ugra degişli kitaplary we gollanmalary tapmak bolýar.
1. «Gujurly Bookstore» — dürli hili žanrlara degişli kitaplar (çeper-edebiýat, okuw gollanmalary, psihologiýa, işewürlik, lukmançylyk, taryh boýunça edebiýatlar, çagalar edebiýaty...), žurnallar, sowgatlyk neşirler. Dükanyň salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 73-nji jaý, 41-nji dükan. Telefon belgileri: (+993 12) 94 09 14. Sosial media ulgamyndaky hasaby.
2. «Kitap Market» internet-dükany: çeper edebiýat, ensiklopediýalar, sözlükler we gollanmalar, çagalar üçin kitaplar we okuw gollanmalary, şeýle-de kanselýariýa harytlary, skanword toplumlary, stol üstündäki oýunlar, žurnallar. Aşgabat şäherine we welaýatlara eltip berme hyzmaty. Dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Parahat ÝT 3/1, 31-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 12) 45 57 01, (+993 12) 92 11 66, (+993 12) 10 35 93, (+993 12) 42 18 82. Elektron poçta salgysy: kitap-market.tm@mail.ru.
3. «Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň elektron kitaphanasynda» Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden eserleriniň ähli toplumlary ýerleşdirilendir.
4. «Readitstore» onlaýn-dükany — uly ýaşlylar we çagalar üçin kitaplar, komiksleriň toplumy, sowgatlyk toplumlar. Dükan yzygiderli dürli hili aksiýalary, tematik agşamlary, ussatlyk sapaklaryny geçirýär. Mundan başga hem «Readitstore» dükany «buk-krossing» — Aşgabatda kitaplary çalyşmak hereketini guraýjy bolup çykyş edýär. «Readitstore» dükanynyň ýerleşýän salgysy: «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, 0-njy gat, telefon belgileri: (+993 64) 82 44 41.
5. «Galam» kitaplaryň we kanselýariýa harytlarynyň dükany. Çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen, has kiçi ýaşlylardan başlap uly mekdep okuwçylaryna çenli ýaş aýratynlygy boýunça edebiýatlar, bilimi kämilleşdiriji oýunlar, ensiklopediýalar, sözlükler we dürli ugurlara degişli bolan okuw kitaplary, daşary ýurt dillerindäki kitaplar, çeper edebiýat eserleri (nusgawy we häzirki zaman), şeýle-de kanselýariýa we ýadygärlik harytlar. Şunuň bilen birlikde dükanyň AppStore we GooglePlay dükanlaryndan ýükläp alyp bolýan öz ykjam goşundysy hem bar. Habarlaşmak üçin: telefon belgileri: (+993 12) 46 81 56. Elektron poçta salgysy: galam-zakaz@mail.ru.
6. «Globus» mekdep we ofis harytlarynyň internet-dükany: çagalar we çeper edebiýaty, sözlükler, ensiklopediýalar, okuw we tematik kitaplar, aşhana kitaplary, türkmen we beýleki dillerdäki edebiýatlar, reňkleme depderleri, çagalar bagy we mekdep üçin kitaplar, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin kitaplar we beýlekiler. Aşgabat şäherine eltip berme hyzmaty bar. Habarlaşmak üçin: Elektron poçta salgysy: globus-zakaz.tm@mail.ru; Telefon belgileri: (+993 12) 46 82 88.
7. «Okuwçy» dükany. Çeper edebiýat, sözlükler, okuw kitaplary, çagalar üçin kitaplar, komiks toplumlary we skanwordlar. Aşgabat şäherine eltip berme hyzmaty bar. «Okuwçy» dükanynyň paýtagtyň birnäçe ýerlerinde dükanlar tory hereket edýär: «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezi, 0-njy gat, 35-nji dükan; 1-nji gat, 149-njy dükan; «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D47a dükany. Telefon belgileri: (+993 12) 42 29 30, (+993 12) 46 81 80. Elektron poçta salgysy: okuwchyzakaz@gmail.com; Sosial media ulgamyndaky hasaby.
Bellik: Maglumatlar diňe tanyşdyrmak maksady bilen taýýarlanan we hiç hili mahabatlandyrma häsiýetinde däldir.