Turkmenportal logo
13.03.23
4483544835
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
NASA: «2023 DW» asteroidi 2046-njy ýylda Ýer bilen çaknyşyp biler
Surat: knowhow.pp.ua

ABŞ-nyň NASA kosmos edarasynyň planetar goragyny utgaşdyrmak boýunça edarasy «2023 DW» belgili asman jisiminiň 2046-njy ýylda Zemin bilen çaknyşmagynyň ähtimallygy barada aýtdy, emma çaknyşygyň ähtimallyk derejesi o diýen ýokary däl.


«Biz täze asman jisimini yzarlaýarys, onuň 2046-njy ýylda Ýer bilen çaknyşmak ähtimallygy ýok däl» diýip, edaranyň habarynda aýdylýar. Asteroidiň diametri 50 metre deň.


Onuň ýere gaçmak ähtimallygy 607-de 1 bahalanýar. Bu barada «Russian.rt.com» habar berýär.