Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

22:1311.03.2023
0
33495
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
Surat: tdh.gov.tm

Habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe bu ýerde alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagy, aýratyn hem, bu künjegiň ekologik ýagdaýynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi, ähli binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Bu ýerde, esasan, Arkadag şäherine gelýän awtoýollaryň çyzgylary, şäheriň awtomenziliniň binalar toplumynyň, şeýle hem demir ýol menziliniň şekil taslamalary görkezildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyryndaky dürli maksatly binalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlar berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy binalaryň açylyş dabarasy bilen birlikde, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem hemmetaraplaýyn esasda, ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belläp, täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda işläp, şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezen we tapawutlanan ýerli gurluşyk kompaniýalaryna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynyň gurluşyklaryny ynanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen desgalaryň dolandyryş düzümini döretmek, olarda degişli guramaçylyk işlerini alyp barmak meseleleri barada aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda degişli guramaçylyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmagy Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewden berk talap etdi.

Şeýle-de bu ugurda alnyp barylýan işleri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň degişli ugurlar boýunça berk gözegçilikde saklamalydyklary nygtaldy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň ulag ýollarynyň ugrunda oturdyljak hereketleri sazlaýjy ýolyşyklaryň görnüşleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, sanly tehnologiýalar arkaly dolandyrylýan bu ýolyşyklarda mümkinçiligi çäkli adamlar üçin amatlyklary üpjün edýän tehnologiýa ornaşdyrylan.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu künjegiň abadanlaşdyrylyşyny we bezeg aýratynlyklaryny synlap, Akhan atly bedewiň heýkeliniň töwereklerinde ýerleşýän degişli desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini aýtdy.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Akhan atly bedewiň heýkeliniň töwereginiň gözelligini nazara alyp, bu ýere bagt toýuny tutýan juwanlaryň gelip ýadygärlik surata düşmekleri we şeýle pursatlaryň olar üçin ýatda galyjy görnüşlere öwrülmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de Arkadag şäherine degişli ekerançylyk we üzümçilik meýdanlarynyň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu ýerde zähmet çekýän kärendeçileriň öz işlerini ýurtda hereket edýän kanunçylyga, Türkmenistanyň «Ýer hakyndaky» Kanunyna laýyklykda dowam edip bilýändiklerini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň