Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine bardy

22:0111.03.2023
0
43155

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, onuň daşky bezeg aýratynlyklaryny synlady hem-de toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy babatda zerur işleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri A.Germanow hem-de tejribeli lukman M.Öküzowa bilen duşuşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy tejribeli lukman M.Öküzowa kärdeşleriniň hem-de ýolbaşçylarynyň tejribeli lukman hökmünde ony şu çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baş lukman hökmünde hödürleýändiklerini we häzirlikçe bu jogapkärli wezipäniň onuň alyp barýan işiniň üstüne ýüklenýändigini aýtdy. Şeýle-de çaga bolan ene mähriniň, zenan lukman hökmünde, onuň tejribesiniň bardygyny belläp, bu merkezde ýerine ýetirilmeli guramaçylyk işleriniň kändigini aýtdy hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine we Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň ýolbaşçysyna lukmançylyk we durmuş tejribesi bolan lukmanlar bilen maslahatlaşyp, çagalaryň keseliniň öňüni almak boýunça degişli işleri geçirmek babatda gymmatly maslahatlarydyr nesihatlaryny berdi.

— Döwür üýtgeýär, wagtyň geçmegi bilen, gynansak-da, käbir keseller döreýär. COVID-19 pandemiýasy bütin dünýä ýaýrady — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi hem-de geljekde bu ýokanç keselleriň gaýragoýulmasyz yzlarynyň çagalara zeper ýetirmezligi üçin lukmanlaryň döwrebap ugurlar, täze hünärler boýunça maslahatlaşyp, bu ugurda ähli tagallalary etmelidiklerini aýtdy hem-de bu möhüm wezipelere häzirden girişmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri we tejribeli lukman bu ýerde işlemek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi we bildirilen ynam üçin hoşallyk sözlerini beýan edip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna, yhlas bilen netijeli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň