Turkmenportal logo
09.03.23
2855028550
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary Daşkentde raýat jemgyýeti forumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary Daşkentde raýat jemgyýeti forumyna gatnaşýar

9—10-njy martda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde «ÝB+Merkezi Aziýa: durnukly gatnaşyklary üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy gurmak üçin global portal» ady bilen raýat jemgyýeti forumy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary hem gatnaşar.


Habar berlişi ýaly, foruma Türkmenistandan jemgyýetçilik guramalarynyň 11 sanysynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmen wekilleri karar kabul etmek, gender deňligi, energetika we ekologiýa meselelerine ýaşlary çekmek ýaly mowzuklar boýunça deslapky çekişmelere gatnaşarlar diýlip, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistana wekilhanasynyň sosial ulgamlarynda habar berilýär.



Şeýle-de okaň: