Soňky habarlar

Arhiw

9-10-njy martda Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahat geçiriler

21:5008.03.2023
0
37040

Halkara derejede azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we berkitmek Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlar bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasaty iş ýüzünde durmuşa geçirmek we halkara guramalar bilen geçirilýän çäreleri yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 9-10-njy martynda Aşgabat şäherinde «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň