Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda mejbury zähmete ýol bermezlik bilen bagly kanunçylyga syn etmek üçin duşuşyk geçiriler

16:0207.03.2023
0
54529

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, 9-njy martda Aşgabatda möwsümleýin meýdan işlerine adalatly işe almak we mejbury zähmete ýol bermezlik hem-de ony gadagan etmek bilen bagly kanunçylyga syn etmek üçin tegelek stol geçiriler.

Bu çärä Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin mynasyp zähmet boýunça tehniki ýardam beriş edarasynyň, şeýle hem Halkara Zähmet Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin mynasyp zähmet boýunça tehniki ýardam beriş edarasynyň, şeýle hem Halkara Zähmet Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň