Türkmenistanyň aýal-gyzlary 8-nji martda pul sowgatlaryny alarlar, «Türkmen howa ýollarynyň» Russiýadan Aşgabada petekleri ähli raýatlar üçin bir bahadan satylar, 2023-nji ýylda Türkmenistanda 3 million agaç nahallary oturdylýar

10:1925.02.2023
0
130186

1. 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanda mährem zenanlara pul sowgatlary gowşurylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji fewralda degişli karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 manatlyk pul sowgatlary 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan 6-njy martyna çenli aralykda gowşurylar.

2. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana uçuş nyrhnamalaryna üýtgetmeler girizdi. Indi respublikanyň raýatlary we daşary ýurtlular üçin petekleriň bahasy deň bolar. Petekler eýýäm bir bahadan satylýar. 2023-nji ýylyň mart aýy üçin Moskwadan Aşgabada awiapetegiň bahasy 30,775 rubldan, Kazandan Aşgabada – 29,635 rubldan başlaýar.

3. Şu ýyl Türkmenistanda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň üç million düýp nahalyny oturtmak meýilleşdirilýär. Degişli Karara 24-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine we beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ikinji bölegini oturtmak bolsa welaýat häkimliklerine tabşyryldy.

4. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Ogulşirin Täçewa plastik galyndylary gaýtadan işläp, suwuk ýangyja öwürmegiň usulyny tapdy. Ogulşirin dünýä tejribesini öwrendi we 4 ýyllap öz usulyny ösdürdi. Öz taslamasynyň kömegi bilen ol suwuk ýangyç, ýanyjy gaz we gurluşyk materiallaryny almagy başardy. Mundan başga-da, onuň açan usuly ekologiýany goldaýar: iş akymy atmosfera zäherli maddalaryň çykmazlygyny üpjün edýär.

5. Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna saýlaw möwsüminiň çäklerindäki dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy. 28-nji fewralda degişli saýlaw toparlarynda bellige almak işi tamamlanandan soňra, dalaşgärleriň sanawy metbugatda çap ediler.

6. Maryda «Turkish Airlines» türk awiakompaniýasynyň resmi satuw bölümi açyldy. Häzirki wagtda Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Stambula dowamly howa gatnawlary ýola goýlandyr. Häzirki wagtda awiakompaniýa sişenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri Aşgabatdan Stambula uçuşlary amala aşyrýar, 24-nji martdan bolsa her gün uçup başlar. Stambula petekleri Maryda, Bagtyýarlyk köçesiniň 52 A/2 binasynda satyn almak mümkindir. Maglumat üçin telefon belgisi: (+993 522) 27 00 85.

Dünýäde

7. Fransiýa eýýäm mart aýynda nobatdaky tomus gurakçylygyna taýýarlyk görüp başlar. Hökümet suwdan peýdalanmak boýunça berk çäklendiriji çäreleri girizip biler. Ekologiki özgerişler ministri Kristof Beşu Fransiýanyň ýokary taýýarlyk ýagdaýyndadygyny belledi. Syýasatçy iýul aýynda heläkçilik ýagdaýynda galmazlyk üçin öňünden çäre görmek isleýär. Şu tomusda heläkçilikli ýagdaýlaryň öňüni almak üçin mart aýyndan güýje girjek suwdan peýdalanmak boýunça berk çäklendiriji çäreleriň duşenbe gününden yglan edilip bilinjekdigini tassyklady.

8. Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy agramy bouling topy bilen deňeşdirip boljak ullakan kellesi bolan günebakar ösdürip ýetişdirdi. Uelsli 44 ýaşly Kewin Forti maşgalasy bilen bilelikde kellesiniň agramy 6,44 kilogram bolan günebakar ösdürip ýetişdirmegi başardy. Rekordyň eýesi Kewiniň kakasy tarapyndan döredilen «Forti» maşgalasynyň günebakar tohumlaryndan ösdürilip ýetişdirildi. Günebakar 20 hepdeden gowrak wagt ösdi. Boýy 3,35 metre ýetdi. Bu döwürde Forti maşgalasy dökünler we goşundylar bilen ösümlige ideg etdi. Günebakar üçin damja ulgamy we taýmer ulanylyp, ýörite suwaryş tertibi guraldy.

Sport habarlary

9. «Match TW» teleýaýlymy Türkmenistanyň toparynyň gatnaşmagynda «Aziýanyň çagalary» gyşky sport oýunlarynyň açylyş dabarasyny görkezer. 23-nji fewralda Russiýada «Aziýanyň çagalary» II halkara gyşky sport oýunlary resmi taýdan badalga aldy. Çäräniň açylyş dabarasy 25-nji fewralda Kemerowodaky «Kuzbass» buz köşgünde geçiriler. Açylyş dabarasy 25-nji fewralda Aşgabat wagty bilen 18:00-da göni ýaýlymda «Match TW-de» görkeziler.

10. AFK Çempionlar ligasynyň «Günbatar» zolagynyň 1/2 finalynda Kataryň «Al-Duhail» topary Saud Arabystanynyň «Al-Hilaly» bilen duşuşar. Çärýek final tapgyrynda «Al-Duhail» «Al-Şababy» ýeňipdi (2:1), «Al-Hilal» bolsa «Fuladdan» üstün çykdy (1:0). AFK Çempionlar ligasynyň «Günbatar» zolakdaky ýarym final duşuşyklary 2023-nji ýylyň 26-njy fewralynda Dohadaky «El-Tumama» stadionynda geçiriler. AFK Çempionlar ligasynyň bu möwsümdäki finaly iki oýunlyk tapgyrdan ybarat bolar we 2023-nji ýylyň ýazynyň ahyrynda geçiriler.

11. Aşgabatdaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen XII Futsal uniwersiadasy tamamlandy. Jemleýji oýunda Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» topary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty» toparyndan 4:1 hasabynda üstün çykdy. Üçünji orny Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň futzal oýunçylary eýeledi.

12. 25-26-njy fewralda Warşawada dzýudo boýunça Ýewropa-2023 açyk çempionaty geçiriler. Bu ýaryşlara Türkmenistanyň dzýudoçylary işjeň taýýarlyk görýärler. Olar Polşada okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler. Ýewropanyň açyk çempionatynda Türkmenistana 13 türgen wekilçilik eder. Bäsleşikler erkekleriň we zenanlaryň arasynda ýedi agram derejesinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň