Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2023-nji ýylda-da 3 million düýp bag nahaly ekiler

21:5724.02.2023
0
36289

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2023-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň:

  • ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine we beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň;
  • welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Şeýle hem resminama bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek hem-de şolaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň