Britaniýaly agramy alty kilogram bolan günebakar ösdürip ýetişdirdi

13:1024.02.2023
0
34954
Britaniýaly agramy alty kilogram bolan günebakar ösdürip ýetişdirdi
Surat: guinnessworldrecords.com

Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy kellesiniň agramy bowling şarynyňka deň bolan günebakar ösdürip ýetişdirdi. Ol şeýlebir uly welin, ýerli poçta edarasynyň gapanynda çekmeli boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Ýagny ýurduň Uels diýen ýerinden bolan bakjaçy Kewin Forti öz maşgalasy bilen başynyň agramy 6,44 kilogram bolan günebakar ösdürip ýetişdirdi. 2021-nji ýylda goýlan rekord hem bu maşgala degişlidir, bu gezek ol öňki günebakar kellesinden 1,23 kilogram agyrdyr.

44 ýaşly bagban günebakary öz kakasy tarapyndan döredilen «Forti» sortundan ösdürip ýetişdirdi, günebakary maýyň aýagynda yssy wagty ekdiler, oktýabrda kesip aldylar. Ol 20 hepdeden hem gowrak wagt ösüp, boýy 3,35 metre ýetdi. Bu döwürde Fortileriň maşgalasy oňa gowy ideg etdi. Günebakary damjalaýyn usulda aýratyn tertipde suwardylar.

Fortileriň öň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen birgiden oba hojalyk üstünlikleri bar hem-de olardan ozmak hiç kime başartmady, mysal üçin, olar iň agyr şugundyry (23,99 kg), iň uly günebakar ýapragyny (68 x 87 sm), iň uzyn ýeralma ýaşyny (2,84 metr) ösdürip ýetişdirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň