«Ak Ýol» toý mekany 36 aýa çenli garaşaryna bölekleýin tölegli toý etmek hyzmatyny hödürleýär

10:2720.02.2023
0
45185

Durmuş toýy — bu her bir maşgalanyň ömrüni bezeýän iň ajaýyp wakadyr. Şunuň bilen birlikde hem, bu köp adam babatda maşgalanyň maddy serişde üpjünçilik ýagdaýyna täsirini ýetirýän dabaralaryň biri.

«Ak Ýol» toý mekany Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna toý dabaralaryny bellemekde 36 aýa çenli garaşaryna bölekleýin töleg geçirmek mümkinçiliginiň ýetirilýändigini habar berýär.

Restoranyň tölegini garaşaryna bölekleýin geçirmek hyzmatyndan peýdalanmak üçin sargyt edijiler şu resminamalary getirmelidir:

  • öýlenýän ýigidiň we gelniň pasportynyň nusgasy;
  • Nika şahadatnamasy;
  • Işleýän ýerinden kepilnama;
  • Zähmet depderçeleriniň nusgalary;
  • Girew goýmak üçin gerek bolan resminamalar toplumy.

Has giňişleýin gyzyklanmak üçin «Ak Ýol» toý mekanynyň ýerleşýän salgysyna barmak bolýar: Aşgabat ş., «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi, Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, «Ak Ýol» toý mekanynyň 1000 adama çenli myhmany özünde jemläp bilýän giň toý zaly yşyklandyryş we aýdym-saz enjamlary bilen üpjün edilendir. Mundan başga-da, restoran toý zalynyň bezegi, tort, foto we wideo üçin ekranlar, ýaş çatynjalar üçin myhmanhanadan örän oňaýly derejedäki otagy taýýarlamak ýaly birnäçe dürli tölegsiz hyzmatlary ýetirýär.

Şeýle-de okaň:

Şeýle-de wideo görüp bilersiňiz:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň