Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hüjümçi Didar Durdyýew futbol ýoluny «Altyn asyrda» dowam etdirer

06:2608.02.2023
0
28659

Hüjümçi Didar Durdyýew öňümizdäki futbol möwsüminde «Altyn asyryň» düzüminde çykyş eder. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berdi.

Geçen ýyl «Ahal» futbol toparynyň köýnekçesini geýen hüjümçi bilen öňdäki möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşyldy. 29 ýaşly Durdyýewiň milli çempionatyň geçen möwsüminde 27 gezek tapawutlanyp, iň netijeli futbolçy bolandygyny ýatladýarys.

1993-nji ýylda Balkanabat şäherinde doglan Didar Durdyýew Aşgabadyň «Olimp» futbol mekdebiniň uçurymydyr. Ol Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetini tamamlady. Didar meşhur türkmen ýarym goragçysy Gurbangeldi Durdyýewiň ogludyr.

Uly futbola paýtagtyň «Aşgabat» toparynda gadam goýan Didar Durdyýew ilkinji resmi duşuşygyny 2010-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda «Daşoguz» toparyna garşy geçirdi.

2012-nji ýylda «Ahalyň» düzümine goşulan Didar şol möwsümde 14 gezek tapawutlanyp, iň netijeli futbolçylaryň ilkinji üçlügine girdi.

2013-nji ýylda Didar Durdyýewe «Altyn asyr» topary gapylaryny açdy. Şol möwsümde 15 gezek tapawutlanan hüjümçi «Daşoguz» we «Talyp sporty» toparlary bilen geçirilen duşuşyklarda 3 gezekden gol geçirdi. Haçanda, «aragatnaşykçylar» 2014-nji ýylda taryhyndaky ilkinji çempionlygyny gazananda, çempion düzümdäki Didar Durdyýew 26 gol bilen möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolupdy. Şol möwsümiň 23-nji tapgyrynda 6:0 hasabynda «aragatnaşykçylaryň» ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykda 4 gol geçiren Didar şondan bir aý soňra «Lebap» topary bilen 8:1 hasabynda tamamlanan duşuşykda 5 goly öz adyna ýazdyrdy. 2015-nji ýylyň fewral aýynda AFK-nyň kubogynyň çäginde «Al-Sakr» bilen bolan duşuşyk Didar Durdyýewiň «Altyn asyrdaky» iň soňky oýny boldy. Çünki ol şol ýyl wekilçilik edýän ýokary okuw mekdebiniň «Hazyna» futbol toparynda Ýokary ligadaky çykyşyny dowam etdirdi.

Didar Durdyýew 2019-njy ýylda «Ahalyň» düzüminde çykyş edýärkä, 14 pökgi bilen futbol ýolunda ikinji gezek bir möwsümiň iň netijeli futbolçysy boldy. 2020-nji ýylyň başynda Özbegistanyň «Maşal» topary bilen şertnama baglaşan futbolçy bary-ýogy 5 duşuşyga gatnaşyp, şowsuz möwsümi geçirdi.

Ol 2021-nji ýylda ýene-de «Ahala» dolanyp geldi. Geçen ýyl «Ahalyň» taryhyndaky ilkinji çempionlygyna goşant goşan hüjümçi ýurduň Kubogyna hem mynasyp boldy.

Didar Durdyýew Türkmenistanyň milli ýygyndy ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2012-nji ýylyň ýanwarynda Rumyniýanyň ýygyndysyna garşy geçirdi. Milli ýygyndyda 14 gezek meýdana çykan hüjümçi şolarda 2 gezek tapawutlandy. Ol Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň hatarynda 2013-nji ýylda Arkalaşygyň kubogyna hem gatnaşypdy.

Nemesleriň Transfermarkt portaly Didar Durdyýewe 50 müň ýewro baha kesýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň