Soňky habarlar

Arhiw

Didar Durdyýew Özbegistanyň «Maşal» futbol toparyna goşuldy

20:2205.03.2020
0
9139

26 ýaşly türkmenistanly hüjümçi Didar Durdyýew Özbegistanyň «Maşal» futbol toparyna goşuldy diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Balkanabat şäherinde doglan Didar Durdyýew paýtagtyň «Olimp» futbol mekdebiniň uçurymydyr. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny tamamlan futbol öz döwrüniň meşhur ýarym goragçysy Gurbangeldi Durdyýewiň ogludyr.

Didar Durdyýew dürli ýyllarda «Aşgabat», «Altyn asyr», «Hazyna», «Ahal» ýaly toparlarda çykyş etdi. Geçen ýyl bolsa ol «Ahalyň» düzüminde ýylyň iň netijeli futbolçysy boldy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynda 14 duşuşyk geçiren hüjümçi şolarda iki gezek tapawutlandy.

Didar Durdyýewiň şu ýyl Gazagystanyň «Aktobe», Özbegistanyň «Nawbahor» klublarynyň hem türgenleşiklerine gatnaşandygyny ýatladýarys.

Onuň täze topary Mübärek şäherine wekilçilik edýär. 1982-nji ýylda döredilen «maşal» dürli ýyllarda Özbegistanyň çempionatynyň kümüş we bürünç medallaryna hem mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň