Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň öýe eltip bermek hyzmaty bilen çörek bişirýän ýerleri

11:4407.02.2023
0
66521
Aşgabadyň öýe eltip bermek hyzmaty bilen çörek bişirýän ýerleri
Surat: ru.freepik.com

Täze bişirilen çöregiň ysyny hiç zat bilen deňeşdirip bolmaýar. Ol ys diňe bir işdäňi açman, eýsem, öýüň rahatlygy we ýylylygy bilen baglanyşykly çagalyk ýatlamalaryna hem sebäp bolup bilýär.

Aşgabatda tagamly kruassanlary we fransuz bagetlerini, şeýle hem adaty türkmen çöregini bişirýän çörekhanalar köp. «Turkmenportalyň» okyjylarynyň dykgatyna Türkmenistanyň paýtagtyndaky täze çörek önümlerinden lezzet alyp boljak nokatlaryň sanawyny hödürleýäris.

«Çörekçi» – çörekhanalar zynjyry bolup, her gün irden sagat 8-den agşam 9-a çenli myhmanlary kitirdäp duran we hoşboý ysly çörek bilen begendirýär. «Çörekçide» dürli görnüşli çörek önümleri bişirilýär: bagetler, batonlar, etli gatlakly gutaplar, «Güneş» haryt nyşanly süýji çöregi, işlekli (etli pirog) we ş.m. Şeýle hem çörekhanada gatlakly we hamyrmaýa hamyryndan taýýarlanan köp sanly tagamly çörek önümleri bar.

«Çörekçiniň» sosial ulgamlardaky sahypasynda bellemeklerine görä, çörek bişirijileriň ussat elleri, ýokary derejeli bişirmek tehnologiýasy we tebigy goşundylar çörekhananyň önümlerini öýde bişirilen ýaly tagamly edýär.

Sargyt üçin telefonlar: 10 10 11, 18 18 10, 18 10 18, (+993 61) 00 63 63.

«Talhan» çörekhanasynda çöregiň 10-dan gowrak görnüşi taýýarlanylýar: çowdary, tost, süýtli, batonlar we beýlekiler. Çörekhananyň işgärleri çörek bişirilişine aýratyn seresaplylyk bilen çemeleşýärler we sosial ulgamlardaky sahypasynda şeýle belleýärler: «Çörek – bu «Talhanbakery-niň» kalby, ähli zat şonuň bilen başlandy!».

Şeýle hem bu ýerde konditer önümlerini, tiz tagamlary (fastfud), gyzgyn naharlary, işdäaçarlary we ş.m. dadyp görüp bilersiňiz.

Sargyt üçin telefon belgisi: 14 01 40.

«Balam» – 2016-njy ýyldan bäri çörek we konditer önümlerini öndürýän kärhana. Türkmen haryt nyşanynyň önümleri tutuş ýurt boýunça dükanlaryň tekjelerinde duş gelýär. «Balamyň» täze çörek önümlerini Aşgabatdaky «Halk market» dükanlarynda dadyp görmek mümkindir.

«Balamyň» hödürleýän görnüşleri bilen balam.com.tm saýtynda ýa-da sosial ulgamdaky sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

Sargyt üçin telefonlar: (+993 12) 42 27 53, (+993 64) 56 35 82.

«Tomus» – Türkmenistanda «Tomsuň» önümlerini dadyp görmedik adam ýok bolsa gerek. Kompaniýa bugdaý-çowdary we süýtli çörekleriň, kakadylan çörekleriň, halka kökeleriň (barankalaryň), gamburgerler we hot-doglar üçin bulkalaryň we başga-da köp sanly önümleriň birnäçe görnüşlerini öndürýär.

Haryt nyşanynyň Aşgabatda ýerleşýän dükanynyň salgysy: 10 Ýyl Abadançlyk köç. (Moskowskiý şaýoly), 152-nji jaý (Nestle).

Sargyt üçin telefonlar: (+993 65) 72 09 46, (+993 12) 21 89 27, (+993 12) 21 63 24.

«Rahat Bakery-da» myhmanlar üçin: italýan çiabattasy, nusgawy ak, fransuz bageti, şeýle hem käşir, günebakar tohumy we beýleki goşundylar bilen taýýarlanýan çörek görnüşleri hödürlenýär. Kofe dükanynda hususy usuly boýunça taýýarlanýan tebigy gönezlik ulanylýar.

Sargyt üçin telefon belgisi: (+993 12) 41 54 15.

Gyzgyn çöregiň muşdaklary üçin Aşgabadyň ähli ýerinde tamdyrlarynda ajaýyp çörekler bişirilýän uly bolmadyk çörekhanalar hereket edýär.

Bellik: makala awtor tarapyndan maglumat maksatly taýýarlandy we mahabatlandyrmagy göz öňünde tutmaýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň