«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Türkiýedäki baş agentligi 2023-nji ýylyň mart aýy üçin petek satyp başlady

00:4019.01.2023
0
63303

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Türkiýedäki baş agentligi (Hakim Turizm) syýahatçylyk kompaniýasy 2023-nji ýylyň mart aýy üçin Stambuldan Aşgabat şäherine uçuşlar üçin howa petekleriniň satuwyna başlady. Bu barada «Turkmenportala» Hakim Turizm syýahatçylyk agentliginiň wekilleri habar berdi.

Stambuldan (IST) Aşgabada (ASB) uçuşlar duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe we şenbe günlerinde, «Boeing 737-800» uçarlarynda amala aşyrylýar.

Ekonom klasyň peteginiň bahasy 406 dollar.

Howa peteklerini Türkiýede syýahatçylyk operatory Hakim Turizmiň ofislerinde aşakdaky salgylarda satyn alyp bilersiňiz:

  • Türkiýe, Stambul, Mecidiyeköy, Mecidiyeköy Mah. Lati Lokum Sok. No:4/C, Şişli;

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +902125229966;

  • Türkiýe, Stambul, Kadikoý, Rasimpaşa Mah. Söğütlüçeşme Cad. Beyciğim Sk. No:6 Kadıköy;

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +902163387779;

  • Türkiýe, Stambul, Aksaraý, Kemalpaşa Mah. Selimpaşa Sk. No:42 Fatih;

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +902125263716;

  • Türkiýe, Ankara, Kyzylaý

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +903122307501;

«Hakim Turizm» syýahatçylyk operatorynyň Türkiýedäki sowal-jogap gullugy: +902125229966 (ýerli wagt bilen 09:00-dan 19:00-a çenli).

E-poçta: bilet@hakimtur.net

Aşgabatdan Stambula petekleri «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasydan ýa-da iOS we Android üçin ykjam programma arkaly satyn alyp bilersiňiz. 2023-nji ýylyň mart aýy üçin bu ugurda bir taraplaýyn petekleriň iň pes bahasy 4877 manat 50 teňňedir. Nyrhda goşlar, el goşlary, bortdaky naharlar we beýleki hyzmatlar bar.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň