Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula gatnawlaryň sanyny artdyrdy

15:3905.01.2023
0
81294

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatdan Stambula uçuşlaryň sanyny hepdede dörtden bäş gezege çenli artdyrdy. Muny awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndaky awiapetekleriň satuwy baradaky maglumatlar hem görkezýär.

Uçuşlar indi duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe we şenbe günlerinde, «Boeing 737-800» amatly uçarlarynda amala aşyrylýar.

2023-nji ýylyň fewral aýy üçin bu ugurdaky bir taraplaýyn biletleriň iň pes bahasy 4877 manat 50 teňňedir. Nyrhda goşlar, el goşlary, bortdaky naharlar we beýleki hyzmatlar bar.

Türkiýä barmak üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan wiza talap edilýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Abu-Dabä (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň