Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň depgini we Ahal welaýatynyň täze merkezinde guruljak Baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.
Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Halk Maslahatynyň Başlygyny degişli taslamalar bilen tanyşdyrdylar.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy metjidiň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalary hem-de çyzgylary synlap, bu ýerde okuw medresesiniň hem gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
— Çünki türkmen halky öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelýär. Yslam dini bolsa halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň gurluşygyna, onuň mährabynyň ýerleşjek ýerini kesgitlemäge din wekilleri hem-de il sylagly ýaşulular bilen maslahatlaşylyp başlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Metjidiň içki bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini, gurluşykda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil derejesiniň, olaryň amatlylygynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy yslam dünýäsinde metjidiň mährabynyň Käbä tarap bakdyrylýandygyny aýdyp, mukaddes binanyň gurluşygyna sähetli gün badalga berilmeginiň we bu işlere Käbä tarap bakyp başlanmagynyň göwnemakul boljakdygyny belledi.
Şeýle-de okaň: