Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine bardy

21:5915.01.2023
0
42931
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine bardy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň depgini we Ahal welaýatynyň täze merkezinde guruljak Baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Halk Maslahatynyň Başlygyny merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary, şol sanda onuň içki bezeginiň dürli görnüşleriniň we metjidiň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän sadaka jaýynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdylar.

Halk Maslahatynyň Başlygyna şeýle hem metjidiň tehniki häsiýetnamalary, eýelejek meýdany, reňk öwüşginleri baradaky, şonuň ýaly-da onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy boýunça geçiriljek işlere degişli maglumatlardyr görkezijiler barada habar berildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň asylly ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan ähli gurluşyk işleriniň häzirki zamanyň ösen talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi hem-de görkezilen taslamalara käbir düzedişleri girizip, olary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe maslahatlaryny we tekliplerini aýtdy.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatyndan soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagynda Arkadag şäheriniň giň köçelerinden ýola düşdi. Ýolugruna bu ýerde gurlan binalardyr desgalaryň atlandyrylyşy boýunça görkezilen ýazgylary, olaryň aýratynlyklaryny we reňk öwüşginleriniň berlişini synlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň