Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynyň Baş metjidini «Altyn» hojalyk jemgyýeti gurar

22:1215.01.2023
0
49459

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze merkezine — Arkadag şäherine baryp, ol ýerde alnyp barylýan işleriň depgini we welaýatyň guruljak Baş metjidiniň taslamalary bilen tanyşdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze merkezinde Baş metjidiň düýbüni tutup, onuň gurluşygyna badalga berilmegine ýakyn wagtda girişilmeginiň we ähli halkyň bu ajaýyp waka gatnaşmagynyň, şu mynasybetli sadaka bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy metjidiň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine baryp, ol ýeriň maksadalaýyk saýlanyp alnandygyna ünsi çekdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Ahal welaýatynyň täze merkezinde guruljak Baş metjidiň bina ediljek ýeri Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahatlarydyr teklipleri esasynda hem-de türkmen halkynyň milli ýörelgelerine laýyklykda, 2022-nji ýylyň oktýabrynda kesgitlenipdi. Bu metjidi gurmak boýunça bäsleşik yglan edilip, ýokary talaplar bildirilen şol bäsleşigiň netijeleri boýunça «Altyn» hojalyk jemgyýeti ýeňiji boldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň ýanynda sadaka jaýy bilen bir hatarda okuw medresesiniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de binalaryň gurluşygyny sazlaşykly alyp barmak barada birnäçe degerli maslahatlaryny berdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň