Turkmenportal logo
23.12.22
2233022330
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäniň iň meşhur 100 şäheriniň sanawy düzüldi
Surat: fodors.com

Pariž dünýäniň iň meşhur şäherleriniň sanawynda öňdäki orny eýeledi. Sanawy Beýik Britaniýanyň «Euromonitor» seljeriş kompaniýasy düzdi diýip, Russiýanyň Jahankeşdelik operatorlarynyň assosiasiýasyna (ATOR) salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar.


Sanaw düzülende, ykdysady we işewürlik, jahankeşdelik özüneçekijiligi, infrastruktura, howpsuzlyk we durnukly ösüş ýaly görkezijiler hasaba alyndy. Netijede, ilkinji üçlüge Pariž bilen bilelikde, Dubaý we Amsterdam girdi. Onluga bolsa Madrid, Rim, London, Mýunhen, Berlin, Barselona we Nýu-Ýork girdiler.


Öň dünýäniň ýaşamak üçin iň gymmat şäherleri sanalypdy, tamamlanyp barýan 2022-nji ýylyň jemleri boýunça olar Nýu-Ýork we Singapur boldy. Bu sanawda ikinji orny Tel-Awiw, üçünji orny Gonkong eýeledi. Ilkinji onluga Los-Anjeles, Sýurih, Ženewa, San-Fransisko, Pariž, Kopengagen we Sidneý girdi diýip, «MIR 24» ýazýar.



Şeýle-de okaň: