Soňky habarlar

Arhiw

Nýu-Ýork dünýäde iň gymmat paýtagt diýlip ykrar edildi

15:0605.12.2022
0
19111
Nýu-Ýork dünýäde iň gymmat paýtagt diýlip ykrar edildi
Surat: cntraveler.com

«Ekonomist» britan žurnalynyň wekilleri tarapyndan düzülen sanawa laýyklykda, Nýu-Ýork dünýäde iň gymmat paýtagt diýlip ykrar edildi diýip, «Habar 24» ýazýar. Bu hümmetsizlenme hem-de dollaryň ýokary hümmeti bilen baglydyr. Nýu-Ýorkdan başga-da sanawdaky ilkinji bäşlige Singapur, Tel-Awiw, Gonkong we Los-Anjeles girdi. Sanawyň ahyrynda Daşkent, Tunis, Tähran, Tripoli we Damask ýerleşýär. Umumy sanawda 172 sany iri şäher bar.

Bilermenler dünýäde dowam edýän harby gapma-garşylyklardyr Hytaýda girizilen koronawirus ýokanjyna garşy çäklendirmeler sebäpli dünýäniň ähli paýtagtlarynda durmuşyň nyrhynyň gymmatlandygyny belleýärler. Nyrhlar şu ýyl ýerli pullarda 8 göterim gymmatlady diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň