Soňky habarlar

Arhiw

«Owadan Ülke» sary ýagyň we mesge ýagynyň önümçiligini artdyrýar

09:4814.12.2022
0
24012

«Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti «Hazyna» hem-de «Nur» haryt nyşanlary bilen öndürýän sary ýaglarynyň we mesge ýaglarynyň önümçiligini has-da artdyrýar. Häzirki wagtda öndürilýän bu önümleriň gije-gündiziň dowamyndaky mukdary 30 tonna barabardyr.

Kärhana azyk önümleriniň bu täze tapgyrynyň önümçiligine 2022-nji ýylyň ýazynda başlan hem bolsa, ol eýýäm sarp edijileriň arasynda özboluşly meşhurlyga eýe boldy. Mesge ýagyny konditer önümlerini öndürijiler satyn alýan bolsa, sary ýaga alyjylar köpçüligi giňden isleg bildirýär.

Mesge we sary ýag — bu ösümlik esasly ýaglar bolup, pagta ýagyny gaýtadan işlemek arkaly öndürilýär. Kärhana bu azyk önümlerini 200 gram we 5, 10, 20 kilogram agram möçberlerinde öndürýär.

Ýokary hil aýratynlygy bilen tapawutlanýan önümler konditer kremlerini taýýarlamaga, şeýle-de gabarýan konditer önümlerini bişirmäge laýyk gelýär. Ýeri gelende aýtsak, Ýewropada «çalmak» diýen manyny aňladýan «Spread» sözi bilen kökelere, tostlara we adaty çöreklere çalynýan önümler aňladylýar.

«Hazyna» haryt nyşany bilen öndürilýän sary ýag ýörite gaplara 700 gram, 2 we 15 kiloram möçberinde gaplanýar. Önümiň ýaglylygy 99,8%-e deňdir.

Şeýle hem kärhananyň ýokary hilli önümleri öndürmek üçin ýerli çig maldan peýdalanýandygyny bellemelidiris.

«Owadan Ülke» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. Önümhana Germaniýanyň awtomatlaşdyrylan ulgamly enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Mundan başga-da, kärhanada tejribehana bolup, onda önümçiligiň ähli tapgyrlary we önümleriň hili gözegçilik edilýär.

Sary ýag we mesge ýaly önümlerden başga-da «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti hyýar, pomidor we burç, marinadlanan assortiniň dürli görnüşleri, ajika, burç hem-de tomat goýutmasy, «Nur», «Mylaýym» we «Hazyna» haryt nyşanly maýonezler ýaly dürli hili önümleri öndürýär. Şular bilen birlikde, kärhana «Nur» we «Mylaýym» haryt nyşanlary bilen mürepbeleriň hem-de jemleriň dürli görnüşlerini alyjylara ýetirýär.

Habarlaşmak üçin:

  • salgysy: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Änew şäherçesi, N.Halmämmedow köçesi, 1-nji «A» jaýy;
  • telefon belgileri: (+993 63) 29 82 28, (+993 137) 3 66 63;
  • elektron poçta salgysy: info@owadanulke.com

Şeýle-de okaň:

Wideo: Maýonez önümleri nähili öndürilýär

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň