Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda internede bagly bolmadyk milli tor dörediler, Aşgabady Moskwa ýa-da Sankt-Peterburg şäherleri bilen doganlaşdyrmak meýilleşdirilýär, GDA ýurtlarynda Täze ýylda nähili arzuw edýärler we beýleki habarlar

11:1512.12.2022
0
37186

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurtda internet toruna birikdirilmedik Milli sanly tory döretmek Konsepsiýasyny işläp düzmek üçin iş topary dörediler.

2. «Dogan şäherler» assosiasiýasynyň jogapkär sekretary Olga Şirokowa, Türkmenistanyň paýtagtyny Russiýanyň şäherleri bilen baglanyşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. «Aşgabat – bu ajaýyp, owadan şäher – ol Russiýanyň şonuň ýaly owadan şäherleri bilen baglanyşykly bolmaly... Elbetde, ol Sankt-Peterburg bilen baglanyşykly bolsa begenerdik, galyberse-de, olaryň ýakyn gatnaşyklary bar... Ýöne, belki Moskwa bilen hem baglanyşyk mümkin. Şäherleriň tükeniksiz dogan şäherleri bolup biler. Ýöne muny türkmen ýolbaşçylary çözer» – diýip belledi.

3. GDA ýurtlarynyň ýaşaýjylaryny diňe bir köpýyllyk umumy taryh däl, eýsem, Täze ýyly garşy almak bilen baglanyşykly däpler hem baglanyşdyrýar. Ilki bilen göz öňünde janlanýan zat – arzuwyňy kagyzjyga ýazyp, ony ýakmaly, külüni bolsa şampanly bulgura garyp içmeli. Onuň haýalrak görnüşi hem bar, ol birden köp arzuwy bolanlar üçin amatlydyr. 12 sany kagyz bölejigine 12 sany arzuw ýazylýar, olar eplenip, ýassygyň aşagynda goýulýar. Irden kagyzjyklaryň diňe birini saýlamaly – şol arzuw hem Täze ýylda hasyl bolar.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasyna Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň «Ergeş Sultanow» daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumyny gurmak barada «Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

5. «Däp» haryt nyşany Täze ýyl üçin ýörite egin-eşik toplumyny hödürleýär. Ol ýyly switşotlary, şarflary, joraplary, şeýle hem Täze ýyl temasynda ýasalan bulgurlary we sowgatlyk bukjalary öz içine alýar. «Däp» döredijilik topary baýramçylyk ýygyndysynda döwrebap stili we häzirki zaman görnüşlerini Türkmenistanyň milli öwüşginleri bilen utgaşykly sazlaşdyrýarlar.

6. Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasy açylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli Permana gol çekdi. Ilçihana Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen açylýar.

7. «Turkmenportal» Aşgabadyň tagamly kofe we ter kruassan satylýan ýerleri boýunça ýolgörkeziji taýýarlady. Sanawda gyzgyn içgi bilen ýylanyp hem-de naharlanyp bolýan 24 ýer görkezilen.

8. «Huawei» täze önümini – simsiz gulaklykly «Watch Buds» «akylly sagadyny» tanyşdyrdy. Hytaýyň çäginde simsiz gulaklykly gibrid sagadyň bahasy 430 dollara deň bolar, sagat-gulaklyklaryň daşary ýurtlara ýerlenmegi we beýleki ýurtlardaky bahasy barada heniz maglumat ýok.

9. Koreýa Respublikasynda koreýleriň köpüsiniň edişi ýaly, adamyň ýaşy ene göwresinde galan pursatyndan däl-de, doglan pursatyndan hasaplanjak kanunyň taslamasy kabul edildi. Günorta Koreýada ulanylýan ýaş hasaplaýyş ulgamyna görä, adam doglanda derrew 1 ýaşyny doldurýar, şeýlelikde, bu ulgama görä, ol doglandan bir ýyl soň eýýäm 2 ýaşynda bolýar. Eger çaga 31-nji dekabrda doglan bolsa, doglandan ertesi günem bir däl, iki ýaşynda bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň