Aşgabady rus şäherleri bilen dogan şähere öwürmek meýilleşdirilýär

10:5610.12.2022
0
47271

«Dogan şäherler» halkara birleşigi 2024-nji ýylda 60 ýaşyny baýram eder. Şunuň bilen baglylykda, gurama 2024-nji ýyly Russiýanyň dogan şäherleriniň ýyly diýip yglan etmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Häzirki wagtda GDA ýurtlarynyň dogan şäherleriniň Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän ilkinji duşuşygyna taýýarlyk görülýär diýip, «TASS» habar berýär.

«Dogan şäherler» birleşiginiň ýerine ýetiriji sekretary Olga Şirokowa Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň paýtagtyny rus şäheri bilen dogan şähere öwürmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

— Men Aşgabadyň — bu ajaýyp, owadan şäheriň Russiýanyň hem şeýle owadan şäherleri bilen dogan bolmalydygyna ynanýaryn... Elbetde, ol Sankt-Peterburg bilen doganlaşsa begenerdim, üstesine-de olar ýakyndan gatnaşýarlar... Ýöne, Moskwa bilen hem bolup biler. Şäherleriň bolup bilýän dogan şäherleriniň sany çäklendirilmeýär. Ýöne bu barada türkmen häkimiýetleri karara geler — diýip, Şirokowa belleýär.

Şeýle hem, ol GDA ýurtlarynyň dogan şäherleriniň duşuşygyna gatnaşyp bileri ýaly türkmen şäheri bilen doganlaşmagyň 2024-nji ýyla amala aşyrylmagyny isleýändigini mälim etdi.

Şirokowa bu duşuşygyň Moskwada geçirilmegine garaşylsa-da, geçiriljek ýeriň henizem ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýtdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň