Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda türkmen-özbek dostluk festiwaly öz işine başlady

12:1316.11.2022
0
29504

Şu gün Daşoguz şäherinde Türkmen we özbek halklarynyň iki günlük dostluk festiwaly öz işine başlady.

Şäheriň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň daş-töweregi baýramçylyk öwüşginlerine beslendi. Bu ýerde myhmanlar aýdym-sazyň hoş owazynyň astynda duz-çörekli garşylanyldy.

Festiwalyň açylyş dabarasyna çärä gatnaşyjylardan başga-da köp sanly medeniýet we sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, welaýatda hereket edýän dürli edara-kärhanalaryň, şol sanda bilim ulgamynyň işgärleri ýygnandylar.

«Türkmeniň ak öýi» binasynyň foýesinde iki ýurduň amaly-haşam we zergärçilik sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda medeni ulgamda türkmen we özbek halklarynyň gazanan üstünlikleri giňden şöhlelendirilýär. Sergide görkezilýän sungat eserleriniň üsti bilen iki halkyň milli medeniýeti, mirasy, edebiýaty hem-de senetçiligi bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligi döredildi. Senetçilik sergisinde ýaýbaňlandyrylan işler myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Binanyň giň zalynda bolan açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iki doganlyk halkyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylara iberen Gutlaglaryny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Soňra bu ýerde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti başlandy.

Konsertde ýerine ýetirilýän aýdym-sazlarda, edebi-kompozisiýa çykyşlarynda gözbaşy asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan türkmen-özbek dost-doganlygynyň, parahat durmuşyň, medeniýetiň we sungatyň, päk söýginiň, bagtyýar durmuşyň waspy belentden ýetirilýär.

Festiwal şäheriň ýaşaýjylarynda hem uly gyzyklanma döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň