Turkmenportal logo
16.11.22
1956119561
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Halk market» dükanlarynda gök önümler we miweler üçin 15% arzanladyş yglan edildi
«Halk market» dükanlarynda gök önümler we miweler üçin 15% arzanladyş yglan edildi

«Halk market» Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýylyň ahyryna çenli her şenbe we ýekşenbe günleri dükanlar zynjyrynyň ähli dükanlarynda gök önümleriň we miweleriň ähli görnüşlerini 15% arzanladyş bilen satyn alyp bolýandygyny habar berýär.


Aksiýa Aşgabatdaky ähli «Halk market» dükanlarynda we Gämi şäherçesinde ýaňy-ýakynda açylan dükanda hereket edýär.



«Halk marketiň» tekjelerinde elmydama Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän we daşary ýurtlardan getirilýän – apelsin, mandarin, banan, awokado we beýleki ýokary hilli gök önümleriň we miweleriň baý görnüşleri bar. Zynjyryň dükanlarynda azyk önümleriniň beýleki görnüşlerini – däne, ýag, et we şöhlat önümleri, süýjülikler we konditer önümleri, şeýle hem hojalyk himiýa serişdeleri, kosmetika we öý goşlaryny satyn almak mümkindir.


Şeýle-de okaň: