Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Rysgal» banky we «Halk market» zynjyrynyň dükanlary «Şowly söwda» aksiýasyny dowam edýärler

10:1102.11.2022
0
34124

Halkyň sarp edýän harytlarynyň dükany «Halk market» Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Master Card Maestro» bank kartlaryny ulanyjylara «Şowly söwda» aksiýasynyň çäklerinde her aýyň aýagyna bank kartyna 6% sylag almak mümkinçiligini ýatladýar.

«Halk marketiň» islendik nokadynda satyn alnan harytlaryň tölegini bank karty bilen geçirmek oňa sarp edilen serişdeleriň bir böleginiň geçmegini kepillendirýär. Sylagyň 3%-ni «Rysgal» banky, 3%-ni bolsa marketiň özi yzyna gaýtarýar. Pul serişdeleri her aýyň aýagynda awtomatik usulda geçirilýär; aksiýa 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam eder.

Ýakynda Aşgabadyň etegindäki Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynda «Halk marketiň» täze dükany açyldy. Ol «Gämi» söwda merkezinde ýerleşýär we bu zynjyryň beýleki supermarketlerindäki ýaly azyk we senagat harytlarynyň baý görnüşlerini hödürleýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň