Öý bezeginde reňkleriň sazlaşykly bolmagyny gazanmak örän kyn işleriň biridir, dogrusy dizaýner bolmasaň-a bu hasam düşünmesi çylşyrymlydyr.
Reňkler we olaryň sazlaşygy barada dagy asyl kolorimetriýa diýip ylymam bar. Ony öwrenmek bilen bolsa haýsy reňkleriň özara sazlaşykly utgaşygy emele getirýändigini bilmek bolýar.
Bularyň köpüsi esasy äheňe, üçünjisi kompanýon reňklere, şeýle-de diňe 5% -i açyk reňklere bölünýär. Ortaça öý gurşawynyň 15%-ini pol örtügi eýeleýär we hut şonuň üçinem ol öýüň bütin içine reňk çaýýar. Ine, şol reňkiň hem nähili sazlaşykly bolmalydygy, öý bezeginde haýsy reňkleri ulanmagyň ýerlikli boljakdygy barada «Çamsan Parkelam» kärhanasynyň satyjy-hünärmenleri maslahat berýärler.
Türkiýäniň «Çamsan Parkelam» kärhanasynyň Türkmenistandaky resmi wekili müşderilere dürli reňkli ýokary hilli pollary hödürleýär. Poluň görnüşlerinden belläp geçsek, islendik jaýyň içki bölegine organiki taýdan laýyk boljak laminat örtügini aýtmak bolar.
Materiallaryň reňkleriniň we çyzgylarynyň giň görnüşi, ony dürli stiliň interýerlerinde ulanmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, kiçijik bir otagda açyk reňkli pol gurmak, giňişligi görnüş babatda giňeldip biler, garaňky tonlar bolsa tersine ony daraldyp biler.
Ýatylýan otag we çagalar otaglary üçin laminadyň ýyly ýa-da neýtral tonlary ulanylsa ýerlikli bolar. Olar bag we daşlar ýaly tebigaty ýada salýarlar. Bu ýerde önümleriň ekologik we howpsuzlygy aýratyn gurama hökmünde üns çekmek gerek. Şunuň bilen birlikde belläp geçsek, kärhananyň ähli önümleri Halkara sertifikatlaryna laýyk gelýär, howpsuzlyk we saglyk üçin FSC standartlary, şeýle-deý EPLF (daşky gurşawy goramak boýunça) standartlary bolsa önümiň hilini görkezýär.
Aşhana otagy bolsa interýer dizaýn ýörelgelerinde dürli agaç görnüşlerine meňzeýän häzirki zaman laminat bilen bezelip bilner: kül, sosna, hoz we ş.m. Bu degişli gurşawa tebigylyk berip, estetiki özüne çekiji häsiýeti döreder.
Laminat islendik otagda ulanyp boljak köpugurly materialdyr. Şeýle hem ony diwar bezegi hökmünde ulanýarlar. Bu örtük islenýän meýdany görkezmäge mümkinçilik berýän aýry-aýry böleklerden ybaratdyr.
«Çamsan Parkelam» satuw merkezinde gurşawyň öý bezeginiň dizaýny bilen bagly gyzyklandyryjy sowallara, olary saýlamaga hem-de ýazmaga hem jogap tapmak bolýar.
«Çamsan Parkelam» kärhanasynyň önümleriniň Türkmenistandaky satylýan dükanlarynyň salgylary:
- Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi 2127, 41-nji jaý. «Säher» binasy. Telefon belgileri: (+993 63) 72 62 74;
- Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Zelili köçesi, «Gurluşykçy» dükany. Telefon belgileri: (+993 65) 95 43 43, (+993 62) 95 43 43.
Şeýle-de okaň: