Türkmen kinematograflary «Gorkut ata» film festiwalynda baýraga mynasyp boldular

17:4207.11.2022
0
28324

Türkiýäniň Bursa şäherinde 1—5-nji noýabr aralygynda geçirilen «Gorkut ata» türk dünýäsiniň film festiwaly tamamlandy. Ozal habar berşimiz ýaly, festiwala türki dünýäsinden 20-ä golaý döwletiň kinematograflary bilen bir hatarda, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekilleri hem gatnaşdylar.

Festiwalyň jemleri boýunça film bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilip, festiwala gatnaşyjylar ýörite baýraklar bilen sylaglandy. Sylaglanyş dabarasynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Istärin» atly çeper filmi festiwalyň «Tomaşaçylar tarapyndan iň halanan film» atly halkara baýraga mynasyp boldy.

Şeýle hem türkmen kinematograflarynyň döredijilik toparyna «Gorkut ata» türki dünýäsiniň film festiwalynyň guramaçylarynyň «Türki halklaryň medeniýetine goşýan goşandy üçin» atly abraýly baýragy gowşuryldy.

Türki dünýäsiniň kino sungatynyň ussatlaryny bir ýere jemlän halkara film festiwalyna Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen «Istärin», «Dutaryň owazy» we «Gyzyl kürte» atly kinofilmler hödürlenipdi. Bäsleşigiň emin agzalarynyň toparyna türkmen kino režissýory Sahysalyh Baýramow hem goşuldy.

2022-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Bursa şäherinde geçirilen halkara film gözden geçirilişine Türkiýeden, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan hem-de Türkmenistandan kino pudagynyň wekilleri gatnaşdylar. Esasy ýaryşda 10 film gözden geçirildi. Dokumental film bäsleşiginde bolsa 14 döredijilik işi hödürlenildi.

«Gorkut ata» türk dünýäsiniň film festiwalyny geljek ýyl Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Bu taryhy şäher «2023-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň