Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Bursada türki dünýäsiniň «Gorkut ata» halkara film festiwaly başlaýar

16:4101.11.2022
0
19545

Şu gün Türkiýäniň Bursa şäherinde türki dünýäsiniň «Gorkut ata» halkara film festiwaly öz işine başlaýar. Türki dünýäsiniň kino sungatyny umumy medeni gymmatlyklar bilen baýlaşdyrjak festiwal 5-nji noýabra çenli dowam eder.

Festiwalda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Gyzyl kürte», «Istärin», «Dutaryň owazy» filmleriniň hem görkeziler. Çäräniň meýilnamasyna laýyklykda, şu gün —festiwalyň ilkinji gününde «Zafer Plaza» kinoteatrynda — «Istärin», Uludag uniwersitetiniň medeni merkezinde bolsa «Dutaryň owazy» atly türkmen filmleriniň görkezilmegine garaşylýar.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň howandarlygynda Baş film müdirliginiň hem-de Halkara film birleşiginiň bilelikde guramagynda geçirilýän festiwala Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Tatarystan ýaly ýurtlaryň kino pudagynyň iň gowy eserleri gatnaşýar.

Film festiwaly türki dünýäsiniň görnükli şahsyýeti Gorkut atanyň hormatyna bagyşlanýar diýip, «Ýeni Şafak» web sahypasynda habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň