11-nji noýabrda Samarkantda Türki Döwletleriň Guramasynyň birinji sammiti geçiriler

21:0206.11.2022
0
31908

Şu ýylyň 11-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň birinji sammiti geçiriler. Forumda ykdysady, ulag we söwda meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn we sebit gatnaşyklary barada hem pikir alşarlar diýip, özbek neşirleri habar berýär.

Mundan başga-da, sammitde guramanyň geljek 5 ýyl üçin strategik hereket meýilnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar. Guramanyň 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Nahçywanda geçirilen mejlisinden soň kabul edilen resminama üýtgetme girizmek hem göz öňünde tutulýar.

Sammitiň çäklerinde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan «Türki dünýäsiniň iň ýokary medaly» we Özbegistanyň milli medaly bilen sylaglanar diýip, özbek çeşmeleri belleýärler.

Samarkantda sammitden öň — 9-njy noýabrda Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň ykdysadyýet ministrleriniň duşuşygy, şeýle hem 10-njy noýabrda Gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Habar berilmegine görä, foruma gurama agza ýurtlar bolan Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň, şeýle hem synçy agzalar hökmünde Türkmenistanyň hem-de Wengriýanyň wekiliýetleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy döwlet hökmünde geçen ýylyň noýabr aýynda goşuldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň