Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

22:0705.09.2022
0
16371

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Duşuşykda bu guramanyň işini ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän orny hem-de mümkinçilikleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bagdad Amreýew ýolbaşçylyk edýän guramasynyň oňyn içeri we daşary syýasaty durmuşa geçirýän, durmuşyň ähli ulgamlarynda uly üstünliklere eýe bolýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlarda toplanylan uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalar boldy. Häzirki zaman şertlerine laýyklykda, energetika, ulag-kommunikasiýa, düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek ýaly strategik ugurlarda tagallalary birleşdirmek hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Bu guramanyň düzüminde döredilýän Türki maýa goýum gaznasyny hasaba almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy, söwda-ykdysady ulgam bilen bir hatarda, ynsanperwer ulgamyň hem hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bir ugry hökmünde kesgitlenilendigi barada-da aýdyldy.

Bagdad Amreýew duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki döwletleriň guramasynyň 2021-nji ýylda geçirilen sammitine gatnaşmagynyň, onda ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmeginiň guramanyň işleriniň öňe ilerlemegine oňyn täsir edendigini aýratyn belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň öňe süren tekliplerine guramanyň geljekki sammitlerinde-de garaljakdygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda guramanyň şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek nobatdaky sammitine taýýarlyk görmegiň meselelerine-de garaldy.

Duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew Türkmenistan bilen bu guramanyň arasynda hyzmatdaşlygyň umumy bähbitler üçin geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň