Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň noýabr aýynda Birleşen Arap Emirliklerine sapar bilen barar. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçisihanasy sosial ulgamlarda habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew bilen BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Al-Hameli duşuşyp, sapara taýýarlyk bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow hem gatnaşdy. Şeýle hem duşuşykda taraplar Türkmenistan-Emirlikler gatnaşyklarynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.