Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Ulag» ýük daşamalary bilen bagly meseleler boýunça maslahat bermek hyzmatyny hödürleýär

09:4101.11.2022
0
17337

Halkara ýük daşamalaryny guramakda ägirt uly tejribesi bolan «Ak Ulag» ulag-logistika kompaniýasy ýükleri Türkmenistanyň çägine we goňşy ýurtlara ibermegiň dürli nukdaýnazarlary boýunça maslahat bermek hyzmatyny hödürleýär.

Kompaniýanyň hünärmenleri ýük daşamalarynyň iň amatly görnüşini saýlamaga kömek ederler we dürli görnüşli ýükleriň, şol sanda howply, gabarasyz ýa-da daşamagyň ýörite şertlerini talap edýän ýükleri eltip bermek meselesi boýunça maslahat bererler. Şeýle hem «Ak Ulag» halkara ýük daşamalary üçin zerur bolan ähli resminamalar we şonuň bilen baglanyşykly işler alnyp barylýan wagtynda ýüze çykyp biljek kynçylyklar barada maglumat berer.

«Ak Ulag» ýükleri Ýakyn Gündogara we Ýewropa, şeýle hem GDA ýurtlaryna we Hytaýa ibermek wezipesini ýerine ýetirýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Aşgabat, G.Kulyýew köç., (öňki Объездная), 86-njy jaý, 2-nji gat;
  • telefonlar: (+993 12) 75 43 44, (+993 61) 81 49 96;
  • elektron poçta: sales-team@akulagtm.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň