12-13-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýapon medeniýetiniň günleri geçirildi.
Medeni çäre Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan
meýilleşdirilen çäreleriň çäginde geçirildi.
12-nji oktýabrda Marynyň «Belent» söwda merkeziniň restoranynda «maki-zusi» taýýarlanylyşy görkezildi. Çäräni ilçiniň Aşgabat rezidensiýasynyň resmi aşpezi Maçida Hiroýuki alyp bardy.
Şol gün agşam «Belent» söwda merkeziniň kinoteatrynda ýapon kinosynyň festiwaly geçirildi, onuň dowamynda 2 sany çeper film görkezildi. Festiwala gatnaşyjylaryň öňünde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki çykyş etdi.
13-nji oktýabrda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda «Masuri-30» çäresi geçirildi. Onuň dowamynda myhmanlar ýapon medeniýetiniň aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
14-nji oktýabrda hem-de şu gün şeýle çäreler Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin guraldy.