Turkmenportal logo
01.10.22
1913419134
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Lion Wings» haryt nyşanynyň hojalyk himiýa serişdeleri halkara hil sertifikatlary bilen sylaglandy
 «Lion Wings» haryt nyşanynyň hojalyk himiýa serişdeleri halkara hil sertifikatlary bilen sylaglandy

«Lion Wings» ýapon-indoneziýa kompaniýasynyň önümleri birnäçe gezek ýokary hil derejesini we halkara ülňülerine hem-de «halallyk» düzgünlerine laýyk gelýändigini tassyklaýan sertifikatlara mynasyp boldy.



«Lion Wingsiň» öndürýän önümleriniň hatarynda bedene we saçlara ideg etmek üçin dürli görnüşli hojalyk himiýa serişdeleri hem-de önümleri: kir ýuwujy serişdeler we kondisionerler, hajathana sabyny, gap-gaçlary we pollary ýuwmak üçin serişdeler, şampunlar, duş gelleri, dezodorantlar, diş pastalary we çotgalary, çagalar üçin kosmetika önümleri we başga-da köp sanly önümler bar.



Hil sertifikatlary bilen «Lion Wings» kompaniýasynyň öndürýän «Kodomo» (çagalar üçin niýetlenen önümler), «Zinc», «Mama», «Ciptadent» ýaly haryt nyşanlary sylaglandylar.



«Lion Wings» haryt nyşanynyň önümleriniň hili dört sany ylmy-barlag institutlary tarapyndan üpjün edilýär, olar diňe bir täze görnüşleri işläp taýýarlaman, eýsem, öňden bar bolanlary hem kämilleşdirýärler.


«Lion Wingsiň» öndürýän önümlerini ýöriteleşdirilen dükanyndan satyn alyp bilersiňiz: Aşgabat, G.Kuliýew köç., (öňki Obýezdnaýa), «Peýkam» binasy. Telefonlar: (+993 65) 53 86 44, (+993 62) 32 44 33.


Şeýle-de okaň: