«Lion Wings» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri beden we eller üçin ýumşadyjy losýonlaryň tapgyryny hödürleýär

10:5810.09.2022
0
38770

Arassaçylygyň özboluşly ýörelgesi hökmünde bedeniň we elleriň hemişe ýumşak, sagdyn we dürli zyýanly täsirlerden goragly bolmagyny üpjün etmekde «Emeron Lovely White UV» haryt nyşanly losýon tapgyrynyň önümleriniň peýdasy ýokary derejede peýdaly hem-de amatlydyr.

Aziýanyň «Lion Wings» brendi «Emeron Lovely White UV» önüm tapgyrynyň 5 dürli görnüşli önümini ýetirýär. Olaryň her biri bolsa gözelligi üpjün ediji täsire eýe bolup, bedeniň we elleriň mylaýymlygyny saklamaga kömek edýär.

«Emeron Lovely White UV» haryt nyşanly önüm tapgyrynyň tapawutly aýratynlygy hökmünde şulary bellemek bolar:

  • ýeňil we näzik düzüminiň bolmagy. Hut şonuň üçin-de losýon bedene tiz siňýär we ýelmeşme duýgusyny döretmeýär;
  • Türkmenistanyň yssy howasy üçin has möhüm bolan ultramelewşe şöhlelerinden goramak aýratynlygy;
  • Düzüminde köp mukdarda C witaminiň bolmagy;
  • Amatly dispenser esasynda harajatyň az bolmagy.

«Emeron Lovely White UV» önüm tapgyrynda bedeniň näzikligini üpjün edýän we garramagyň öňüni alýan 95% aloýe wera şiresi bolan losýon-gel hem bar. Mundan başga-da, agartma täsirine eýe bolan hikama (bengkoang) ekzotik gök önüminiň ekstrakty bolan losýony bellemek bolar.

Ýaponiýanyň we Indoneziýanyň «Lion Wings» kompaniýasy bedene ideg etmek üçin niýetlenen serişdeleri öndürmekde ýüz ýyldan gowrak tejribä eýedir. Bu babatda kompaniýanyň bakteriýalara garşy täsirli «Nuvo Family» haryt nyşanly duş üçin geli, şeýle-de 99% tebigy goşundylar esasynda taýýarlanan «Shokubutsu Monogatari» haryt nyşanly duş üçin geli alyjylar tarapyndan uly isleg bilen peýdalanylýar.

«Lion Wings» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileriniň dükany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, «Peýkam» binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 53 86 44, (+993 62) 32 44 33.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň